TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "TPP D 30 S" kysymly polipropilene we ýeñil senagaty önümlerine isleg bildirildi
05.02.2025 | 08:45 |4-nji fewralda, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümlerine isleg bildirildi.
Gyrgyzystanyñ telekeçileri Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri bilen kelte jins balaklary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda Türkmenistanyñ işewürleri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "TPP D 30 S" kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 800 000 manada we 43 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news