Iň täze habarlar

Hytaý kompaniýasy Gazagystanda robot önümçiligini ýola goýmakçy

04.02.2025 | 09:55 |
 Hytaý kompaniýasy Gazagystanda robot önümçiligini ýola goýmakçy

AgiBot hytaý kompaniýasy Gazagystanda adama meñzeşdirilen robotlaryñ önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Bu barada Gazagystanyñ Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiñ metbugat gullugynyñ habaryndan belli boldy.

Täze hyzmatdaşlygyñ çäklerinde AgiBot bilelikdäki kärhanany açmagy göz öñünde tutýar. Ol robotlaryñ önümçiligi we olaryñ ornaşdyrylmagy, şeýle hem emeli añ babatda çözgütleriñ işläp taýýarlanylmagy bilen meşgullanar. Bu taslamanyñ çäklerinde robotlary we robotlaşdyrylan ulgamlary taýýarlamak üçin "maglumat fabriginiñ" işledilmegi hem meýilleşdirilýär. Munuñ özi öndürilýän çözgütleriñ hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Gazagystanyñ uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy robototehnika we emeli añ babatda hünärmenleriñ taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Kompaniýa 2023-nji ýylyñ fewralynda esaslandyrylyp, robototehnika we emeli añ babatda tehnologiýalary ösdürmek bilen, özüni eýýäm umumy maksatly robotlaryñ işläp taýýarlaýjysy hökmünde tanatdy. 2024-nji ýylyñ dekabrynda AgiBot kompaniýasynyñ Şanhaý şäherindäki zawodynda 1000 sany robotlar öndürildi. Bu bolsa önümçilik kuwwatynyñ ýokary derejesiniñ subutnamasydyr. Gazagystan Merkezi Aziýada önümçiligi ýaýbañladyrmak üçin ilkinji ýurt bolup durýar.

ORIENT news

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: