Iň täze habarlar

Belarusyň hökümeti işden gitdi

03.02.2025 | 15:17 |
 Belarusyň hökümeti işden gitdi

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Belarusyň Hökümeti işden gitdi diýip, BELTA habar berýär.

Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hökümet täze saýlanan prezidentiň öňünde ygtyýarlyklaryny tabşyrmaga borçlydyr. Ygtyýarlyklary tabşyrmak baradaky karara premýer-ministr Roman Golowçenko gol çekdi. Resminama kabul edilen gününden başlap güýje girýär.

Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko ýeňiş gazandy. Oňa 86,82 % saýlawçylar öz seslerini berdiler.

ORIENT News

Foto: rbc.ru

Şeýle hem okaň: