Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy sebitde gümrük bahalandyrma babatda ekspert bilimleri pugtalandyrýar
03.02.2025 | 12:35 |2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn-umumy okuwy geçirildi. Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäklerinde guralan okuw gümrük bahalandyrma, şol sanda geleşigiň bahasynyň hasaplanylmagy, korrektirleme we bahalandyrmanyň goşmaça usullary babatda bilimleriň çuňlaşdyrylmagyna bagyşlandy.
Latwiýaly ekspert Marta Kannele töleg haklarynyň dogry ulanylmagy hem-de salgyt salmak binýadynyň hasaplanylmagy üçin gümrük bahalandyrmanyň takyklygynyň möhümdigini belledi. Munuň özi gönüden-göni döwlet girdejileriniň alynmagyna täsir edýär. Gatnaşyjylar bahalandyrmanyň dürli usullaryň ulanyşy babatda amaly maslahatlary aldylar, bu hem gümrük düzgünleriň berjaý edilmegine hem-de adalatly söwda şertleriň üpjün edilmegine ýardam berýär. Çäre sebitde gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilen onlaýn-okuwlaryň bölegi bolup durýar.
Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
ORIENT news