Türkmen kompaniýalary Moskwadaky halkara iýmit önümleri we içgiler sergisine gatnaşýar
04.02.2025 | 11:15 |Türkmen kompaniýalary Moskwadaky “ПРОДЭКСПО 2025” atly halkara iýmit önümleri we içgiler sergisine gatnaşýar.
Türkmen işewürligiň wekilleriniň arasynda AKGAR, Täze Aý, BALAM, HASAR, KILWAN, Altyn Ýunus, Ýüpekçi, BARS ýaly kompaniýalar bar. Olar konditer önümleriň, snekleriň, çörek önümleriň, şeýle hem dürli miwe şireleriň we alkogolsyz içgileriň çykarylmagynda ýöriteleşýär.
“ПРОДЭКСПО 2025” sergisi 2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda açylyp, 7-nji fewralyna çenli öz işini dowam eder. Ol Russiýada we Gündogar Ýewropada iýmit önümleriň we içgileriň iri halkara sergisi hasaplanylýar.
Sergide esasy önümlerden we gündelik içgilerden başlap, aňrybaş tagamlara, şeýle hem organiki, sport iýmitlerine, saglykly durmuş üçin niýetlenen önümlere, halal hem-de ekzotik iýmit önümlerine çenli bütin dünýäniň azyk harytlary görkezilendir.
“ПРОДЭКСПО 2025” sergisinde her bir adam öz gözleýän zadyny tapyp biler. Hatda ondanam köp!” – diýip, guramaçylar belleýär.
ORIENT news