Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bitaraplygy we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary: “Kanal Avrupa” teleýaýlymyndaky söhbetdeşlik

03.02.2025 | 21:05 |
 Türkmenistanyň Bitaraplygy we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary: “Kanal Avrupa” teleýaýlymyndaky söhbetdeşlik

Ýewropanyň “Kanal Avrupa” teleýaýlymynyň “Brýusseldäki häzirki meseleler” atly gepleşiginiň 1-nji fewraldaky sanynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşigiň çäginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen diplomaty, Türkmenistanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary Maral Rahymowa, şeýle hem Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy, “Bruxelles Korner”-iň habarçysy we Merkezi Aziýanyň taryhyna ýöriteleşen daşky gurşawy goramak boýunça garaşsyz bilermen Derýa Soýsal çykyş etdi.

Derýa Soýsal ýewropanyň teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň özboluşly diplomatik derejesine ünsi çekdi. Türkmenistanyň, türki dilli ýurtlaryň arasynda ýeke-täk bitarap döwletdigini, bu bolsa ony sebitiň durnuklylygy we Merkezi Aziýada parahatçylygy goramagyň möhüm şertine öwürýändigini aýtdy.

03022025-nejtralitet-turkmenistana-kanal-avrupa (5).jpg

Soýsal Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen seýrek duş gelýän diplomatik üstünlikdigine ünsi çekdi. “Dünýädäki bitarap ýurtlaryň sany gaty çäklidir, Türkmenistan bolsa parahatçylyga we durnuklylyga ygrarlylygy bilen tapawutlanýar” – diýip, bilermen belledi.

Derýa Soýsalyň sözlerine görä, möhüm sebit meselelerini çözmekde Türkmenistan möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem bilermen, Owganystandaky çökgünlik ýagdaýlaryny çözmekde Türkmenistanyň parahatçylygy üpjin etmekdäki ornunyň möhümdigini aýtdy. Türkmenistan köp ýyllardan bäri ynsanperwerlik kömegini berýär we goňşy döwletde durnuklylyga goşant goşýar. Soýsal Türkmenistanyň Täjigistanda raýat urşunda gapma-garşy taraplaryň arasyndaky gepleşiklerde araçy hökmünde çykyş edendigini, bu parahatçylygy üpjin ediji ýurt hökmünde onuň abraýyny tassyklaýandygyny belledi.

Derýa Soýsal Merkezi Aziýanyň dünýäniň geosyýasy kartasynda strategiki taýdan möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Iňlis geografy Halford Makinderiň bu sebiti “dünýäniň merkezi” diýip atlandyrandygyny we ählumumy ykdysady üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, onuň ähmiýetiniň diňe artýandygyny belläp geçdi.

03022025-nejtralitet-turkmenistana-kanal-avrupa (1).jpg

Bilermen, soňky ýyllarda geosyýasy üýtgeşmeleriň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryny artdyryp başlandygyna aýratyn üns berdi. Seýrek toprak metallary we energiýa serişdeleri ýaly baý tebigy baýlyklaryna eýe bolandygy üçin sebit strategiki hyzmatdaş hökmünde görülýär.

Soýsal, Türkmenistanyň halkara diplomatiýasynda barha artýan ornunyň sebitiň durnuklylygyna we asuda ösüşine ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Bu bolsa ýurdy Merkezi Aziýa döwletleri, Ýewropa Bileleşigi we beýleki dünýäniň oýunçylary üçin ygtybarly hyzmatdaş edýär.

Mundan başga-da, “Kanal Avrupa” teleýaýlymynda “Brýusseliň häzirki meseleleri” atly gepleşiginde ýakynda türkmen diplomaty, Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň ikinji sekretary Maral Rahymowa eden çykyşynda, Türkmenistanyň aýratynam Halkara parahatçylyk we ynananyşmak ýylynyň çäginde bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek ugrundaky tagallalara, ygrarlydygyny aýtdy. Ol 2025-nji ýylyň Türkmenistan üçin möhüm ýyl boljakdygyny, sebäbi bu ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellejekdigini nygtady.

03022025-nejtralitet-turkmenistana-kanal-avrupa (2).jpg

Maral Rahymowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreiiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligini we onuň dowamynda Türkmenistan ählumumy parahatçylygy üpjin etmäge ygrarlylygynyň tassykladygyny ýada saldy. Ol howpsuzlyk, durnukly ösüş we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň konsepsiýasyny hödürländigini nygtady.

Türkmen diplomaty bitaraplygy wagyz edilmegi parahatçylygy goramak üçin möhüm ugur we täsirli guraldyny belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň bitarap döwletlere BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy diýen hukuk derejesiniň berilmegi şol sanda gepleşikleri ösdürmek we gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdigini belledi.

Teleýaýlymyň myhmanlary öz çykyşlarynyň ahyrynda Türkmenistanyň oňyn ornuny hem-de onuň parahatçylykly we howpsuz dünýäni döretmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklardaky başlangyçlaryny bellediler.

ORIENT

Foto: Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: