Türkmen bilermenleri Tokioda parnik gazlarynyň çykarylyşyna baha bermekde tejribe alyşýarlar
03.02.2025 | 21:32 |Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GOSAT emeli hemrasy arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny bahalandyrmak boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşýarlar. Forum 3-4-nji fewralda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýär.
Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaba almak üçin emeli hemra maglumatlaryny ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara daşky gurşaw hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyrmak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mergen Ýusupow Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ol ýurduň howanyň üýtgemegi babatynda görýän çärelerini we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryny belläp geçdi.
Maslahatda Türkmenistanyň wekilleri beýleki ýurtlaryň gatnaşyjylary bilen tejribe alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny ýazgysyny hasaba almak we bu ugurda sanly tehnologiýalary ulanmak üçin ulanylýan usullaryň ähmiýeti hem nygtaldy diýip, tebigaty goramak edarasynda habar berildi.
ORIENT