Türkmenistan we Gazagystan deslapky gümrük maglumatlary alyşmak işini ýola goýýar
04.02.2025 | 12:53 |Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.
Resminama 25.10.2021 senesindäki Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşygyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.
Resminama Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda alyşylmaly maglumatlaryň düzümini tassyklaýar. Maglumat alyşmagyň tertibi, görnüşi, usullary we wagty kesgitlendi.
Deslapky maglumat alyşmak işi iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda barlaglar geçirilip, eksport deklarasiýalary alyşylar, ikinji tapgyrda bolsa üstaşyr deklarasiýalary alyş-çalyşy barlagdan geçip amala aşyrylar.
Ýük barada deslapky maglumatlaryň birek-birege berilmeginiň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky daşalýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirme işini çaltlaşdyrjakdygyna garaşylýar.
ORIENT news