Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
05.02.2025 | 10:15 |Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk topary 19-20-nji fewralda duşuşar.
ORIENT News