Türkmenistanyň wekiliýeti Addis-Abebada Efiopiýanyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy
03.02.2025 | 19:10 |Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasy – “Rowaçlyk partiýasynyň” ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça 2-nji gurultaýyna gatnaşmak üçin Addis Abebada saparda boldy.
Çärä dowamynda Ata Serdarow çykyş edip, gurultaýa gatnaşyjylary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň alyp barýan syýasy işleri bilen tanyşdyrdy we Efiopiýa tarapyny iki partiýanyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmaga çagyrdy. Gurultaýyň meýdançasynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen “Rowaçlyk partiýasynyň” ýolbaşçylarynyň arasynda gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Efiopiýanyň daşary işler boýunça Döwlet ministri Misganu Arga Moaç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek mümkinçiliklerine garadylar. Döwlet ministrine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Efiopiýanyň Prezidentine ýollanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma resmi çakylyk gowşuryldy.
Türkmen wekiliýetini Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske-Selassiýe kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan ýollanan mähirli salamy ýetirildi. Efiopiýanyň Prezidenti özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de jogap hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Şeýle hem Prezident Taýe Atske-Selassiýe Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
ORIENT