ÝB-de emeli aň boýunça täze düzgünler güýje girdi
03.02.2025 | 15:40 |Ýewropa Bileleşiginde emeli aň (EA) bilen baglanyşykly täze düzgünler güýje girdi. Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň hakyndaky Kanunyna (AI Act) görä, şu günden başlap, howpsuzlyga, saglyga ýa-da esasy hukuklara «kabul ederliksiz töwekgelçilik» döredýän EA ulgamlary gadagan edilýär. Bu gadagançylyk diňe «milli howpsuzlyk» bilen baglanyşykly ýagdaýlarda ulanylmaýar. Dünýäde ilkinji gezek kabul edilen bu kanun ähli EA ulgamlaryny töwekgelçilik derejesine görä toparlara bölýär – pesden başlap, kabul ederliksiz derejä çenli. Töwekgelçiligi ýokary bolan EA ulgamlary – mysal üçin, tankyfy infrastruktura, zähmet, saglygy goraýyş ýa-da bank ulgamlarynda ulanylýan tehnologiýalar – Ýewropa bazaryna çykarylmazdan ozal belli talaplara laýyk gelmelidir. Pes töwekgelçilikli programmalar üçin diňe çäkli derejede aç-açanlyk we habardarlyk talaplary girizilýär.
Kabul ederliksiz töwekgelçilik döredýän EA ulgamlaryna adamlaryň özüni alyp barşyna gönükdirilen täsir edip, olary manipulirleýän tehnologiýalar degişlidir. Şeýle hem, emeli aň esasynda «jemgyýetçilik bahalandyrma» (social scoring) – ýagny adamlaryň käbir islenilýän ýörelgelere laýyklykda baha berilmegi hem gadagan edildi. Bu kategoriýa, mysal üçin, çagalary howply hereketlere iterýän ses oýunjaklary degişlu.
Şeýle-de garry adamlary aldamak üçin ulanylýan awtomatlaşdyrylan «robot jaňlary,» (Robo-Calls) ulgamlaryny hem öz içine alýar. Umumy ýerlerde ýüz tanamak ulgamlary, şol sanda wideo gözegçilik kameralary arkaly tanamak hem esasan gadagan edilýär. Emma adam söwdasy we terrorçylyk bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek üçin polisiýa we hukuk goraýjy edaralar adam söwdasy we terrorçylyk bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek üçin bu tehnologiýalary ulanyp biler. 2-nji fewraldan başlap, EA tehnologiýalaryny işläp düzüji we ulanyjy kompaniýalar öz ulgamlarynyň töwekgelçilik derejesini bahalandyrmaly we olary kanun talaplaryna laýyk getirmäge borçludyrlar. Ýewropa Komissiýasynyň bellemegine görä, täze düzgünleriň maksady diňe bir sarp edijileriň hukuklaryny goramak däl, eýsem, EA tehnologiýalarynyň dogry we jogapkärçilikli ulanylmagyny üpjün etmekdir. EA ulgamlarynyň üpjün edijileri we operatory indi bu ulgamlar bilen baglanyşykly ähli işgärleriň ýeterlik «emeli aň ukybyna» eýedigine kepil geçmelidir.
Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň boýunça täze düzgünnamasy dünýäde bu ugurda kabul edilen ilkinji giň gerimli kanun bolup, häzirki wagtda çalt ösýän EA pudagynda innowasiýalar bilen töwekgelçilikleriň arasynda deňagramlylygy üpjün etmegi maksat edinýär.
ORIENT