Iň täze habarlar

Moldowalylar täze nusgadaky pasportlary alarlar

04.02.2025 | 11:35 |
 Moldowalylar täze nusgadaky pasportlary alarlar

Moldowanyň raýatlary täze nusgadaky pasportlary alarlar. Hökümet şahsyýeti tassyklaýan resminamalar baradaky kanuna üýtgetmeleri girizmek işini ýola goýdy.

Taslamanyň işlenip taýýarlanylmagy pasportlaryň täze nusgalarynyň we ýolagçy resminamalaryň ulanyşa girizmek arkaly Moldowa Respublikasynyň Ýewropa bileleşigine giriş prosesini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň netijesi bolup durýar.

Ýakyn aýlarda Moldowanyň raýatlaryna şahsyýeti tassyklaýan täze şahadatnamalar berilip başlar. Täze resminamalar “ID-kart” diýlip atlandyrylyp, onuň bank formatynyň ölçegleri bolup, eýesi baradaky elektron maglumatlary özünde jemlär.

Elektron ID-kartlar diňe bir Moldowa Respublikasynyň içinde identifikasiýa üçin däl-de, eýsem olary ykrar edýän ýurtlarda ýolagçy resminamalary hökmünde hem ulanylar.

ORIENT News

Foto: noi.md

Şeýle hem okaň: