Iň täze habarlar

2024-nji ýyl gruzin awiasiýasy üçin taryhy sene boldy

03.02.2025 | 15:17 |
 2024-nji ýyl gruzin awiasiýasy üçin taryhy sene boldy

2024-nji ýylyñ dowamynda Gruziýanyñ howa menzilleri 7,4 mln-dan gowrak ýolagçylara öz hyzmatlaryny ýetirip, 31,9 müñ gatnawlary kabul etdiler. Bu hem rekord görkezijidir diýip, Newsday.ge habar berýär.

Habarda berilýän maglumatlara laýyklykda, geçen ýyl bilen deñeşdirilende, ýolagçylaryñ sany 24 % artdy, gatnawlaryñ sany bolsa - 25 %. 2024-nji ýylda Tbilisiniñ Halkara howa menzilinde iñ ýokary görkeziji hasaba alyndy - 4,7 mln-dan gowrak ýolagçy. Şeýle-de 22,7 müñ gatnaw amala aşyryldy. Geçen ýyl bilen deñeşdirilende, ýolagçy akymy 29 %, gatnawlaryñ sany bolsa - 30 % artdy.

Kutaisiniñ Halkara howa menzili 2024-nji ýylda öz taryhynda iñ köp ýolagçy sanyna hyzmatlaryny ýetirdi - 1,7 mln ýolagçy we 5,0 müñ gatnaw. Geçen ýyl bilen deñeşdirilende, ýolagçy akymy 3 %, gatnawlaryñ sany bolsa 1 % ýokarlandy.

Batuminiñ (Günbatar Gruziýa) Halkara howa menzilinde iñ ýokary taryhy görkeziji hasaba alyndy. Bu howa menzili geçen ýyl 952,7 müñ ýolagça hyzmatlaryny ýetirip, 4,1 müñ gatnawlary kabul etdi. Geçen ýyl bilen deñeşdirilende, ýolagçy akymy 53 %, gatnawlaryñ sany - 33 % artdy.

ORIENT News

Foto: georgia.europa-index.com

Şeýle hem okaň: