UNICEF we Türkmenistanyñ Bilim ministrligi genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarladylar
16.12.2024 | 13:00 |BMG-niñ Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistanyñ Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw materiallaryny taýýarlady.
Bu materiallar ene-atalar, mugallymlar we okuwçylar üçin niýetlenen. Olar mekdeplerde, çagalar baglarynda we maşgalalarda gender-duýgur çemeleşmesini goldamaga, şeýle hem inklýuziw we adalatly okuw gurşawyny gurmakda bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goramak ulgamlarda hünärmenleriñ taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.
Aşgabatda BMG-niñ binasynda geçirilen tanyşdyrylyş çäresiniñ dowamynda gatnaşyjylar çagalar we maşgalalar bilen işleýän hünärmenleriñ kuwwatyny ösdürmek boýunça ýol kartasyny düzdiler. Bu tagallalar dürli pudaklarda, şol sanda bilimde, saglygy goraýyşda, durmuş taýdan goramak ulgamynda gender-duýgur çemeleşmelerini ulanmak ukyplaryny pugtalandyrar.
Çärä Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiñ hem-de Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiñ wekilleri, Aşgabat şäheriniñ bilim bölümleriniñ, milli bilim edaralarynyñ, şeýle hem inklýuziw bilim başlangyçlaryna gatnaşýan synag mekdepleriniñ we çagalar baglarynyñ hünärmenleri gatnaşdylar.
Materiallar hünärmenlere öz işinde gender meselelerini çözmek, inklýuziw gurşawy döretmek üçin gurallary we strategiýalary hödürlär.
ORIENT news