Iň täze habarlar

Merkezi Ýewropada we Balkanlarda yssy bahardan soňra gar ýagdy

20.04.2024 | 21:29 |
 Merkezi Ýewropada we Balkanlarda yssy bahardan soňra gar ýagdy

Merkezi Ýewropada we Balkanlarda yssy bahardan soňra gar ýagdy, diýip Euronews habar berýär.

Awstriýanyň käbir sebitlerinde dynç günleri howanyň temperaturasynyň 30 0C geçendigine garamazdan, sişenbe gününden bäri gar ýagýar.

Awstriýanyň günortasyndaky Karintiýadaky Paksattel dag eteginde birnäçe ýol-ulag hadysalary boldy. Köp ýollarda sürüjilerden ulaglarynyň tigirlerine typmaga garşy ýörite zynjyrlary dakmak talap edilýär. Ýörite gulluklar gar aşagynda galan agaçlaryň ýola gaçmagyndan we elektrik geçirijilere zeper ýetirmeginden howatyrlanýarlar.

Gar şeýle hem Horwatiýanyň, Petrowsko, Hum-na-Sutli, Pregrada, Jurmanes, Radoboý, Ýesene etraplarynda ýagdy.

Ýurduň ýaşaýjylary häzirki wagtda gülleýän miwe agaçlaryň sowuk urmagyndan howatyr edýärler.

Rumyniýada howanyň temperaturasy 20 0C peseldi. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kluž-Napoka şäherinde sişenbe güni termometr 25 0C görezen bolsa çarşenbe güni eýýäm 4 0 C görkezdi.

Gar Bosniýanyň we Gersegowinanyň daglyk sebitlerinde, şeýle hem paýtagty Saraýewoda ýagdy. Gar ýagmazdan ozal, bu ýerde howanyň temperaturasynyň 30 0 C bolandygyny bellemek gerek, bu bolsa Balkanlardaky bahar pasly üçin adaty däldir.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, howanyň şeýle üýtgäp durmagy howanyň ählumumy gyzmagy bilen baglanyşyklydyr.

ORIENT news

Foto: point.md

Şeýle hem okaň: