Geljekki diplomatlar talyplaryň arasynda geçirilen breýn-ringde ýeňiji boldular
18.02.2025 | 09:55 |17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp breýn-ring geçirildi. Intellektual ýaryşa ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparlary gatnaşdy.
Ýaryşyň dowamynda çuňňur we köp taraplaýyn bilimleri görkezip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ikinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary eýeledi, üçünji orna bolsa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşik, halkara syýasatynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ýaş nesilleriň arasynda watançylyk duýgusyny güýçlendirmek üçin meýdança boldy.
ORIENT