Şweýsariýanyň gazetinde Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygy hakynda makala çap edildi
19.02.2025 | 06:20 |Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Şweýsariýanyň öňdebaryjy neşirleriniň biri bolan – «Zeit-Fragen/Current Concerns» (Sýurih) gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň üç makalasy çap edildi. Bu makalalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
«Zeit-Fragen/Current Concerns» halkara gatnaşyklary, geopolitika, diplomatiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça anyk derňewleri bilen tanalýan abraýly neşirdir. Neşir dünýäde durnukly ösüşi hem-de parahatçylykly hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwletleriň başlangyçlaryny giňişleýin beýan etmek üçin platforma hökmünde hyzmat edýär.
Neşirde çap edilen makalalarda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýeti, ynanyşmak diplomatiýasynyň ösmegine goşandy hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara proseslerdäki orny jikme-jik beýan edilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň öňe süren we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly konsepsiýasyna aýratyn üns berilýär.
Bu abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji we bitarap syýasatyna bagyşlanan makalalaryň çap edilmegi, halkara bilermenleriniň we analitikleriniň bu ugurda barha artýan gyzyklanmasynyň subutnamasydyr.
ORIENT