Iň täze habarlar

Italiýanyň gazetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan makala çap edildi

18.02.2025 | 16:17 |
 Italiýanyň gazetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan makala çap edildi

“Giornale Diplomatico” italýan gazetinde Baş sekretar Domeniko Palmeri hem-de Aziýa boýunça Italiýa institutynyň (ISIA) professory, geosyýasy derňewçisi Fabio Indeo tarapyndan Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan makala çap edildi.

Makala Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy kömegi bilen taýýarlandy.

Makalada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky kararynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasatynyň esasgoýujy ýörelgesiniň dowamy bolup durýandygy barada aýdylýar. 12 aýyň dowamynda Türkmenistan halkara bileleşigiň durnuklylyga esaslanýan sebitleýin howpsuzlyk ulgamyny döretmekde Türkmenistanyň goşandyna baha berip biler ýaly birnäçe başlangyçlary öňe sürer we birnäçe dabaraly çäreleri geçirer.

Awtorlar Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edýän kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegine aýratyn üns çekdiler. Bu kararyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hemişelik bitaraplygy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi diýip yglan eden kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelýändigi bellärlikdir.

Makalada bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylyk 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagyna ýardam berendigi, Türkmenistanyň dipomatik işjeňligi bolsa 2024-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan edýän kararnamasynyň kabul edilmegine getirendigi barada aýdylýar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: