«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýaşlaryň işläp düzýän täze sanly çözgütlerine ähmiýet berýär
20.02.2025 | 16:57 |«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde bilim alýan zehinli ýaşlar tarapyndan yzygiderli sanly çözgütleri we programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär we ýurdumyzyň dürli pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylýar.
Şol sanly hyzmatlaryň hatarynda, ýakynda bu okuw merkezinde bilim alýan ýaşlar tarapyndan «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň tmcell.tm saýtynyň we «Şahsy otag» hyzmatynyň interfeýsiniň täzelenmegidir. Saýtyň täzelenen görnüşi müşderileriň günsaýyn artýan soraglaryna we isleglerine laýyklykda has oňaýly we düşnükli işlenip düzüldi. Täzelenen tmcell.tm saýtynda Türkmenistanyň ineraktiw kartasynyň üsti bilen ýurdumyzda «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hyzmat ediş nokatlary barada giňişleýin maglumaty alyp bolýar. Interaktiw karta arkaly hyzmat ediş nokatlarynyň ýerleşýän ýeri anyk görkezilýär.
Şeýle hem, saýtda jemgyýet tarapyndan ilata hödürlenýän hyzmatlaryň nyrhnamalarynyň sanawy häzirki wagtda ulanylýan ähli enjamlara (kompýuter, planşet we el telefonlaryna) görä niýetlenip täzelenildi. Öýjükli aragatnaşygyň we Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalaryny üýtgetmek, internet bukjalary birikdirmek we öçürmek, onlaýn hasaby doldurmak hyzmatlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Şahsy otag» hyzmatynyň interfeýsi hem ýaş IT hünärmenler tarapyndan täzeden işlenip düzüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ylmyň we tehnikanyň mümkinçiliklerini ýaşlara öwretmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri döwrebap derejede ýola goýulýar.
ORIENT news