Iň täze habarlar

Pekin daşary ýurtly telekeçiler üçin syýahatlaryñ amatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça täze çäreleri kabul etdi

19.02.2025 | 12:35 |
 Pekin daşary ýurtly telekeçiler üçin syýahatlaryñ amatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça täze çäreleri kabul etdi

Hytaý paýtagtynyñ hökümeti daşary ýurtly telekeçiler üçin syýahatlaryñ amatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze çäreler barada habar berdi. Bu barada Sinhua agentligi belleýär.

Bu başlangyçlar wizalary resmileşdirmek we gümrük amallaryny añsatlaşdyrmak boýunça ýörite hyzmatlaryñ hödürlenilmegini öz içine alýar. Hususan-da, Pekinde hasaba alynan kompaniýalardan degişli çakylyklary alan daşary ýurtly işewürler köpgezeklik bäş ýyllyk wizany resmileşdirip bilerler, bolmagyñ ygtyýarlandyrylan möhleti 180 güne çenlidir. Arza berijiler barmak yzlaryny tabşyrmak we resminamalar tabşyrylanda hut özi bolmak zerurlygyndan boşadylar. Munuñ özi prosesi añsatlaşdyrar. Mundan başga-da, wizany resmileşdirmegiñ tölegleri bir ýyllyk köp gezeklik wizanyñ töleglerine deñ bolar.

"Şoudu" we "Dasin" howa menzillerinde bu toparyñ şahslary üçin serhet gözegçiliginiñ we gümrük amallarynyñ çalt geçilmegi üçin şertler dörediler. Bu çäreler telekeçileriñ ýoldaşlaryna we çagalaryna hem degişlidir. Bu hem maşgalalar üçin syýahatlary has amatly edýär.

ORIENT news

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: