Apple kompaniýasy iPhone 16e amatly smartfony bilen tanyşdyrdy
20.02.2025 | 11:05 |2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Apple kompaniýasy täze iPhone 16e smartfony bilen tanyşdyrdy, ol adaty iPhone 16 modeliniň elýeterli alternatiw görnüşi boldy. Bahasy 599 dollar bolan bu smartfon, 2022-nji ýylda çykyp, bahasy 430 dollar bolan iPhone SE modeliniň ýerini tutýar.
iPhone 16e daşky keşbi boýunça iPhone 14-e meňzeş bolup, täze A18 çip bilen enjamlaşdyrylan. Ol bolsa iPhone 11 modelindäki A13 Bionic çipinden 80 % çalt işleýär.
C1 modemi iPhone 16e modeliniň iň esasy we özboluşly enjam aýratynlygy boldy. Bu Apple kompaniýasy tarapyndan işläp taýýarlanan ilkinji öýjükli hem-de iPhone modellerine enjamlaşdyrylan iň energiýa taýdan netijeli modemdir. Ol 5G çalt we ygtybarly aragatnaşygy üpjün edýär.
Enjamyň 6,1 duýmlik OLED-displeýi we kameranyň kämilleşdirilen mümkinçilikleri, şol sanda 48 megapiksellik sensory hem bar. Kompaniýa özboluşly algoritmleriň kömegi bilen ýokary hilli suratlary alyp bolýandygy barada aýdýar; ýitgisiz 2 esse zoom mümkinçiligi hem bar; bir sekuntda 60 sany surat düşürilişinde 4K çenli giňeldilmesinde wideo ýazgy hem üpjün edilen.
Batareýa işleýşiniň wagty ep-esli derejede ýokarlandyryldy. Bu hem ulanyjylara 26 sagada çenli wideo ýazgylaryny synlamak mümkinçiligini berýär.
iPhone 16e edil özünden öňki modeller ýaly, EA-funksiýalaryny hem aldy. Şeýlelikde, Clean Up guraly foto suratlardan gerekmejek ýerleri aýrymaga ýardam berýär, “Foto” goşundysyndaky tebigy dilde amala aşyrylýan gözeg bolsa düşürilen suratlaryň tapylmagyny aňsatlaşdyrýar. Image Playground, Genmoji we Writing Tools suratlaryň, emojileriň we elbetde, tekstleriň döredilmeginde we olaryň redaktirlenilmeginde kömekçi bolup hyzmat edýär.
iPhone 16e modelinde USB-C sökülip alynmasy bar, iPhone SE bolsa şol bir wagtyň özünde Lightning teklip edipdi.
iPhone 16e modelini öňünden sargyt etmek 21-nji fewralda başlar, 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyndan bolsa dükanlarda çykarylyp başlar.
ORIENT news