ÝUNISEF sosial iş ugrunda bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär
18.02.2025 | 05:50 |Türkmenistanda sosial iş boýunça bakalawr derejesinde bilim bermegi güýçlendirmek maksady bilen geçirilýän mümkinçilikleri artdyrmak maksatnamasy 10–15-nji fewral aralygynda ÝUNISEF bilen Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Bu maksatnamanyň çäginde Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmenabat şäherindäki Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw sapaklary geçirildi. Ol ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sosial iş boýunça täze dersleri okatmak ukyplaryny ýokarlandyrmaga, okuw meýilnamalaryny we usulyýetleri kämilleşdirmäge, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ornaşdyrmaga we umuman, sosial iş ugrunda berilýän bilimiň hünär derejesini hem-de tejribe taýdan ugurdaşlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Halkara bilermeni, doktor Salome Namiçeişwili tarapyndan geçirilen okuw, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna sosial iş başarnyklaryny täze usullar arkaly öwrenmäge kömek etdi. Okuw sapaklarynda interaktiw okuw usullary, amaly maşklar we hakyky durmuş tejribelerine esaslanan maslahatlar ulanyldy. Netijede, talyplaryň her bir adama, maşgala we jemgyýete kömek etmekde has taýýarlykly bolmagyna şert döredildi diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Türkmenistan 2023-nji ýylda sosial iş boýunça bakalawr maksatnamasyny ornaşdyryp, 2021-nji ýylda kabul edilen Durmuş hyzmatlary hakyndaky Kanuna laýyklykda sosial hyzmatlary gowulandyrmak ugrunda milli tagallalary alyp barýar. Bu hünäriň ösmegi bilen, geljekki sosial işgärleriň maşgalalary berkitmek, olaryň dargamagynyň öňüni almak we mümkin bolan halatlarynda gaýtadan birleşmegini goldamak üçin zerur bolan bilimleri we başarnyklary edinmegi örän möhümdir.
Sosial işgärler maşgalalaryň jebisligini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýarlar, olara kynçylyklary ýeňip geçmekde we çagalaryň howpsuz hem amatly şertlerde ösmegini gazanmakda kömek berýärler. Olaryň işi ähli adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak we DÖM ýetmek üçin zerurdyr. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, durmuş hyzmatlary edaralary, ylmy jemgyýetçilik wekilleri we ÝUNISEF sosial işiň ösmegi üçin syýasaty, amaly tejribäni we bilimiň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen bilelikde iş alyp barýarlar.
ORIENT