TASS Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny geçirer
18.02.2025 | 15:25 |Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri bolan TASS 2025-nji ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny (OANA) geçirmäge hukugy aldy.
Bu baradaky karar Kuala-Lumpurda geçirilen OANA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde bir agyzdan kabul edildi. Munuň özi halkara maglumatlar bileleşiginde TASS-yň ýokary abraýyny açyp görkezýär. OANA-nyň Baş sekretary Zaman Rezahani bu çözgüdiň TASS-a hem-de onuň çäreleri ýokary derejede geçirmäge ukybyna bolan ynamyň subutnamasydygyny aýtdy.
TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman gatnaşyjylary agentligiň Baş assambleýany iň ýokary derejede geçirilişini üpjün edip, gatnaşyjylara Russiýanyň tanymal syýasatçylary we jemgyýetçilik işgärleri bilen duşuşmaga mümkinçiligini hödürlejekdigine ynandyrdy.
Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasy (OANA) ÝUNESKO-nyň başlangyjy boýunça 1961-nji ýylda esaslandyrylyp, 35 ýurduň 40-dan gowrak habarlar agentliklerini birleşdirýär. Bu bolsa ony dünýäniň iri media guramasyna öwürýär. Baş assambleýa habarlar syýasatynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin möhüm çäre bolar.
ORIENT news