Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girzmegiñ zerurlygy barada aýtdylar
19.02.2025 | 11:32 |Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.
Bilermenleriñ pikirine görä, şeýle ugruñ girizilmegi ýük akymyny ep-esli derejede artdyrmaga hem-de arktik sebitinde logistikany gowulandyrmaga ýardam berer. Murmansk oblastynyñ Polýarçylar birleşiginiñ ýerine ýetiriji direktory Alekseý Fadeýew bu geçelgä Demirgazyk deñiz ýolunyñ girizilmegi beýleki ýurtlary Arktikada alynýan tebigy serişdeler bilen üpjün etmekde täze mümkinçilikleri döredip biljekdigi barada belledi. Şeýle hem, bu arktik sebitlerinden mineral çig-mal serişdeleriniñ has netijeli çykarylmagyny üpjün etjek meridional ulag geçelgelerini ösdürmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Demirgazyk deñiz ýoly Murmansk we Petropawlowsk-Kamçatskiý ýaly nokatlarda işjeñ ulanylýar. Emma ony mundan beýläk ösdürmek üçin bu sebitleri Demirgazyk deñiz ýoly bilen birleşdirip biljek demir ýol ugurlaryny gurmak zerurdyr.
Demirgazyk deñiz ýoly rus Arktikasynda esasy deñiz aragatnaşygy bolup durýar. Ol Demirgazyk buz ummanyñ ugry bilen Russiýanyñ demirgazyk kenarlaryndan geçýär hem-de Russiýanyñ ýewropa we uzak gündogar portlaryny, şeýle hem gämi gatnawly sibir derýalarynyñ guýýan ýerlerini bitewi ulag ulgamyna birleşdirýär.
Uzynlygy 7 200 km barabar bolan "Demirgazyk-Gündogar" geçelgesini döretmek baradaky hökümetara ylalaşygyna 2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran tarapyndan gol çekildi. Geçelgäniñ günbatar gämi gatnawly şahasy Azerbaýjanyñ çäginden, gündogar bölegi - Türkmenistanyñ we Gazagystanyñ çäklerinden geçýär. Suw ugry bolsa Hazar deñzi boýunça geçýär.
ORIENT news