Iň täze habarlar

Gyrgyzystan GDA ýurtlarynyň Mekdep ligasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi

20.02.2025 | 13:00 |
 Gyrgyzystan GDA ýurtlarynyň Mekdep ligasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.

Başlangyç Gyrgyzystana degişli bolup, ol toparlaryň saýlap alynmagynyň milli tapgyryny guramak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ligasynyň tejribesini ulanmagy teklip etdi. Gyrgyzystan Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmegiň Konsepsiýasyny hem hödürledi.

Maslahata gatnaşyjylar, şol sanda Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli sport ýaryşlaryň geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu hem iň gowy toparlaryň saýlap alynmagyň köpbasgançakly ulgamyny hem-de olaryň halkara jemleýji ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini öz içine alýar.

Mekdep ligasynyň döredilmegi sportuň topar görnüşleriniň ösdürilmegine, okuwçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegine, şeýle hem mekdepleriň bedenterbiýe we sport infratsrukturasynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle ýaryşlaryň şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine hem-de sport klublar we ýygyndy toarlar üçin geljegi uly bolan türgenleriň saýlanyp alynmagyna ýaram berjekdigine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: rg.ru

Şeýle hem okaň: