Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň döwlet dolandyryş Akademiýasynda bitaraplyk barada çykyş etdi
19.02.2025 | 06:55 |Astanadaky Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş Akademiýasynda leksiýa bilen çykyş etdi.
Leksiýa akademiýanyň diňleýjileri, magistrantlary, aspirantlary, professor-mugallymlary hem-de diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdy. Onda giň mowzuklar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly barada gürrüň edildi.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna doly laýyk gelýändigini we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan umumy gymmatlyk hökmünde ykrar edilendigini belledi.
Türkmen diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçysy türkmen-gazak gatnaşyklary barada hem giňişleýin durup geçdi. Ol dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda özara ynam we düşünişmek ruhunda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň milli liderler tarapyndan esaslandyrylandygyny nygtady. Şeýle hem, diňleýjileriň ünsüni dünýäniň durnukly ösüşinde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýetine çekdi.
Leksiýadan soň, diňleýjiler bilen «sorag-jogap» görnüşinde interaktiw pikir alyşma geçirildi.
ORIENT