Iň täze habarlar

Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi

19.02.2025 | 16:25 |
 Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi

Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada Tähranda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumynda Eýranyň 1-nji wise-prezidenti Muhammed Rza Arif habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ähli taraplar şeýle zolaklaryň döredilmegi barada maslahatlaşyp, gutarnykly karara gelip bilerler.

“Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk we bäş döwletiň karary, bilelikdäki erkin söwda zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarys. Eýran tarapy resmi tertipde Hazarýaka ýurtlarynda erkin söwda zolaklaryny döretmek barada hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň deslapky tekstini kenarýaka ýurtlara ugratdy” – diýip, Muhammed Rza Arif belledi.

Şeýle hem, ol Eýranyň, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Hazarýaka ýurtlaryň kenarýaka sebitleriniň wajyplygyny hasaba almak bilen, “Hazarýaka ýurtlaryň kenarýaka sebitleriniň geňeşini” döretmegi teklip edýändigini aýtdy.

Eýran bu Geňeşiň ilkinji mejlisini 2025-nji ýylda haýsy-da bolsa bir kenarýaka welaýatlarynda geçirmäge taýýardygyny belledi.

Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň gatnaşmagyndaky Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumy 17-18-nji fewral aralygynda Tähranda geçirilendigini ýatladýarys.

ORIENT news

Foto: www.trend.az

Şeýle hem okaň: