Tähranda hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirilýär
18.02.2025 | 08:45 |Duşenbe güni Tähranda hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. The Caspian Post-yň habar bermegine görä, foruma Azerbeýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu forumyň maksady hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady, söwda, ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekdir. Esasy meseleleriň hatarynda energetika, maliýe, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, erkin söwda zolaklaryna maýa goýumlary we logistika bar.
Forumyň çäklerinde bäş hazarýaka döwletiniň wekilleriniň hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklary arkaly alnyp barylýan çäreleri öz içine alýan jemleýji jarnama gol çekmegine garaşylýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref III Hazar ykdysady forumynda çykyş edip: “Hazar ykdysady forumy hazarýaka döwletleriniň özara peýdaly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin möhüm meýdançadyr. Bu ýurtlaryň umumy ilaty 300 milliondan gowrak bolup, umumy haryt dolanyşygy 700 milliard dollara ýetýär. Olar bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň berkemegi döwletleriň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär» diýip belledi.
Hazar deňzinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanda gol çekildi. Şol ylalaşygyň 5-nji maddasyna laýyklykda, Hazar ykdysady forumy nobatma-nobat hazarýaka döwletleriniň her birinde geçiriler. Ilkinji Hazar ykdysady forumy we sergi 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda, Awazada geçirildi. Ikinji forum bolsa 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirildi.
MA
ORIENT