Hytaýyň Szýansu welaýatyndan Merkezi Aziýa ýük otlularyň sany artdyryldy
20.02.2025 | 15:30 |2025-nji ýylyň ýanwar aýyynda Gündogar Hytaýyň Szýansu welaýatynyň üsti bilen Merkezi Aziýa ugraýan 96 sany ýük otlular geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 38,7 % köpdür. Bu barada ýokarda agzalan welaýatyň Ulag müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.
Munuň özi Hytaýyň üsti bilen, esasan hem, Hytaý-Ýewropa ugry boýunça halkara ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrmak tendensiýasynyň bir bölegi boldy. Umuman, şu aý Szýansu welaýatynyň üsti bilen 195 ýük otly geçip, olar 16 010 adaty konteýnerleri geçirdiler (20 futlyk ekwiwalenti, TEU).
Otlularyň we konteýnerleriň köpelmegi hytaý öndürijileri we logistika kompaniýalary tarapyndan Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna barha artýan gyzyklanmasy barada aýdýar. Ýerli kompaniýalar öz ugurlaryny işjeň ösdürip, dürli görnüşli harytlary, şol sanda egin-eşikleri, oýnawaçlary we durmuş tehnikasyny eksport edýän kärhanalara öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Geljekde ugradylýan ýükleriň sanynyň artjakdygyna garaşylýar. Bu hem welaýata gelýän halkara ýük otlulary üçin ulag çykdajylaryny azaltmak çäreleri bilen baglaynyşykldyr.
ORIENT news