Hytaý şäherinde ahalteke bedewleriň gatnaşmagynda at çapyşyklar geçirildi
20.02.2025 | 13:10 |Täze ýylyň başlanmagy bilen, Hytaýyň Linýi şäherinde ýatdan çykmajak atçylyk çäresi geçirildi. 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Linýi şäheriniň Tançen uýezdinde ahalteke bedewleri köpeltmek bazasynda “Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary – täze belentliklere tarap” atly at ýaryşlary üstünlikli tamamlandy.
Ýaryşlar Linýi şäheriniň Atçylyk sport birleşiginiň, Tançen uýezdiniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň, ýerli dolandyryş edaralary we ýerli media merkeziniň hemaýaty bilen Linýi şäheriniň Sport birleşiginiň ýolbaşçylygynda guraldy. Hytaýyň Szýansu, Şandun we Anhoý ýaly üç sany goňşy welaýatlaryndan 60-dan gowrak çapyksuwarlar bu ýaryşlara gatnaşdy.
Bu diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem sebiti atçylyk sporty arkaly birleşdirýän medeni alyş-çalşygy üçin möhüm waka boldy. Linýi şäheriniň Atçylyk sport birleşiginiň prezidenti, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk birleşigiiň agzasy Ýan Weýsiniň belleýşi ýaly, Hytaýyň ahalteke bedewlerini köpeltmek merkezi bu özboluşly tohumyň sanyny köpeltmek boýunça uly iş amala aşyrdy.
Bu ýaryşa giň köpçüligi çekmek üçin köpsanly ugurlar göz öňünde tutuldy. Çäräniň maksatnamasy tejribeli çapyksuwarlaryň hem-de täze başlanýanlaryň gatnaşmagynda hem ýokary taýýarlykly ýaryşlary, hem-de höwesjeňler toparlaryny öz içine aldy.
Ýaryşyň çäklerinde tizlik boýunça hem-de uzak aralyk at çapyşyklary geçirildi. Bu hem tomaşaçylara atçylyk sportuň bütin gözelligini we herketini duýmaga mümkinçilik berdi. Ahalteke bedewlerini köpeltmek boýunça hytaý bazasynyň tebigy artykmaçlyklaryny hasaba almak bilen, guramaçylar maksatnama “atçylyk-syýahatçylyk” çärelerini hem girizdiler.
Gatnaşyjylar we tomaşaçylar diňe bir at çapyşyklaryň ajaýyplylygyny synlamaga däl-de, eýsem ahalteke bedewler we beýleki seýrek duş gelýän at tohumlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
ORIENT news