Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, nah galyndylary we gurluşyk materiallary ýerlenildi

19.02.2025 | 11:10 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, nah galyndylary we gurluşyk materiallary ýerlenildi

18-nji fewralda, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa, ýeñil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri Dokma senagaty ministrligi bilen nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar gaz-beton bloklaryny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 372 931,60 manada we 12 635 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: