Türkmenistanyň we Mongoliýanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyklary maslahatlaşdylar
14.02.2025 | 18:20 |14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batmunhiýn Batsesegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Diplomatlar iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilşi ýaly, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy.
ORIENT