Türkiýäniñ Türkmenistandaky Ilçisi: martda türkmen gazy Türkiýä ugradylyp başlar
14.02.2025 | 13:30 |1-nji martdan başlap Türkmenistan Türkiýä tebigy gazyny geçirip başlar. Bu barada şu günki metbugat maslahatynda Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.
"Belli bolşy ýaly, biz bu hepdämizi Türkmenistan bilen Türkiýäniñ hyzmatdaşlygy baradaky gowy habarlardan başladyk. 1-nji martdan başlap türkmen gazy Türkiýä geçirilip ugrar. Men bu taryhy ädimiñ ýurtlarymyzyñ arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene bir esas boljakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, hemmeleri bu waka bilen gutlaýaryn" -diýip, Ilçi belledi.
Türkmen tarapy tebigy gazynyñ Eýranyñ üsti bilen SWAP usuly arkaly ibermek boýunça Türkiýäniñ BOTAŞ nebitgaz kompaniýasy bilen ylalaşandygyny bellemeli. Bu barada Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyñ Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiñ dowamynda habar berdi.
ORIENT news