Aşgabatda gümrük işgärleri işewür we ulag pudagynyň wekilleri bilen duşuşdylar
23.02.2025 | 02:25 |22-nji fewralda, şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi. Bu ýere gümrük gullugynyň, demirýol we awtoulag agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, öňdebaryjy ulag-logistika kompaniýalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gümrük dellallarynyň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar.
Duşuşygyň esasy temasy işewürlik üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boldy. Gümrük gullugynyň wekilleri söwdany çaltlaşdyrmak üçin täze çäreler barada gürrüň berdiler. Olaryň arasynda import edilýän harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasyny we gümrük amallaryndan geçenlerinde daşary söwda bilen meşgullanýan kompaniýalara birnäçe ýönekeýleşdirýän Ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almaklyk bar.
Şeýle hem duşuşykda gümrükhana öňünden habar bermek üçin halkara ýük daşaýjylary häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary nähilli ulanmaklygy barada maslahatlaşdylar. Gümrük gullugynyň işgärleri, Türkmenistandan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary, şunda döwlet edaralarynyň rugsatnamasy esasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary resmileşdirmegiň düzgünlerini düşündirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar gümrük dolandyryşy we daşary ykdysady işjeňlige kömek bermekde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin gümrük, gözegçilige alýan we hukuk goraýjy edaralar hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy we konstruktiw dialogy güýçlendirmegiň möhümdigini biragyzdan bellediler.
ORIENT