Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy
11.02.2025 | 12:30 |Düýn Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ir bilen etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Ýygnananlar Sakarçäge etrabynyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Dabaraly maslahat welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Olarda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri, halkara giňişlikde giňden goldaw tapýan beýik başlangyçlary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz belentden wasp edildi.
ORIENT news