Moskwada rus dilini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçiriler
10.02.2025 | 19:50 |Russiýa-Türkmen medeniýet merkezi we Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmaga goldaw berýän «Hazar mirasy» gaznasy 13-nji fewralda «XXI asyryň ählumumy üýtgeşmeleriniň şertlerinde Russiýa we Hazar bäşliginiň medeniýetleriniň gepleşiginiň esas hökmünde rus dili» atly halkara maslahatyny geçirer. Rus dilini ilerletmäge gönükdirilen çäre Moskwanyň millilikler Öýünde onlaýn we offlaýn görnüşinde guralar.
Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim pudagynyň hünärmenleri we alymlar üýtgän dünýäde rus biliminiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek meseleleri, ýokary bilimiň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň geljegi hem-de Hytaýda, Eýranda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda rus diliniň wagyz edilmegi bilen baglanyşykly soraglary ara alyp maslahatlaşarlar.
Bu çärä görnükli rus we daşary ýurtly alymlar, professorlar hem-de mugallymlar, şol sanda Lomonosow adyndaky MDU, Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutyndan, Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Günorta federal uniwersitetinden, «Hazar-Ewraziýa» Halkara barlaglar Merkezinden, Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinden (ADTU) we Halkara kino festiwallary we maksatnamalar merkezinden çagyryldy. Forumyň myhmanlarynyň arasynda «Beýik Aziýa» teleýaýlymynyň baş direktory we baş redaktory Aleksandr Lebedew hem bar.
Bu çäre Moskwanyň milli meseleler boýunça Geňeşiniň maglumat syýasaty boýunça komissiýasy, ÖKG GHB «Bilim – Rus sözi», Arkalaşyk ýurtlarynyň ynsanperwer instituty, Moskwanyň Uly Hazar ýurtlarynyň Iş kluby we Hazarýaka ýurtlarynyň Halkara bilermenler geňeşi bilen bilelikde geçirilýär. Çäräniň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň gol çekilmegine garaşylýar.
ORIENT