Iň täze habarlar

Mary welaýatynyň muzeýinde QR-belgi ulgamy giriziler

11.02.2025 | 11:45 |
 Mary welaýatynyň muzeýinde QR-belgi ulgamy giriziler

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi QR-belgi ulgamyny girizmäge taýýarlanýar. Ol gelýän adamlara häzirki zaman tehnologiýalar arkaly sebitiň taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga mümkinçilik berer. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazetinde habar berilýär.

Serginiň täzelenmeginiň çäklerinde eksponatlaryň inwentar barlagy geçirilip, olaryň her birisi jikme-jik öwrenildi hem-de beýan edildi. Häzirki wagtda serginiň amatly ugryny we esasy nokatlaryny öz içine alýan wirtual syýahat konsepsiýasynyň üstünde işlenilýär. Ondan soňra taryhy maglumatlaryndan, foto suratlardan we wideo materiallardan ybarat bolan maglumatlar binýady dörediler.

Türkmenistanyň muzeýlerinde QR-belgileri gelýän myhmanlar üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, “Ak bugdaý” milli muzeýi, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi eýýäm bu tehnologiýany işjeň ulanýarlar.

QR-belgileri skanirläp, myhmanlar eksponatlar baradaky giňişleýin maglumat elýeterliligini alýarlar. Munuň özi muzeýe baryp görmegi has interaktiw we gyzykly ýagdaýa öwürýär.

ORIENT news

Foto: www.museum.gov.tm

Şeýle hem okaň: