STEM-da aýallaryň we gyzlaryň orny baradaky webinara goşulyň
07.02.2025 | 15:25 |Her ýyl 11-nji fewralda bellenilýän Ylymda aýallaryň we gyzlaryň Halkara gününe bagyşlap webinar geçiriler. Onda dürli ýurtlaryň inžener we alym-zenanlary özleriniň STEM-daky (Science, technology, engineering and mathematics — tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ýoly barada gürrüň bererler. Çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan döredilen STEM4ALL platformasynyň guramagynda geçiriler.
Sessiýa STEM-da hünär ýoly bilen gyzyklanýan aýallar we gyzlar, geljekki STEAM-öňdebaryjylara goldaw berýän mugallymlar we ata-eneler, şeýle-de zenanlaryň ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine goşýan goşandy barada bilmek isleýänleriň ählisi üçin peýdaly bolar.
Webinar Aşgabat wagty boýunça sagat 16:00 geçiriler.
Zoom platformasynda geçiriljek çärä şu salgy boýunça bellige alnyp bolýar.
Ylymda aýallaryň we gyzlaryň Halkara gününiň bellenilmegi ÝUNESKO we BMG-Zenanlar guramasy tarapyndan edaralar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Bu sene aýallaryň we gyzlaryň ylym bilen meşgullanmaga bolan doly we deň mümkinçilik elýeterliligine ýardam berýär. Siz Aşgabatdaky BMG-niň Binasynda hem göni ýaýlyma birigip bilersiňiz. Öňünden ýer bellemek üçin +99312 48-83-25 telefon belgisi boýunça ýüz tutuň.
ORIENT