Iň täze habarlar

“Türkmengaz” DK enjamlary satyn almak barada açyk bäsleşigi yglan etdi

07.02.2025 | 12:10 |
 “Türkmengaz” DK enjamlary satyn almak barada açyk bäsleşigi yglan etdi

“Türkmengaz” Döwlet konserni 2025-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 19-njy martyna çenli zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada № T/GAZ-03 açyk bäsleşigi yglan edýär.

Lot №2 – umumy zawod enjamlary

Lot №5 – kömekçi önümler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Hasaba alnan we bank hasaby bar bolan kompaniýanyň adyndan ýazmaça görnüşde arzany tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär);

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden” göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmak;

Lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Arzalary tabşyrmak üçin salgy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK.

Gatnaşmagyň bahasy: bir Lot üçin 500 ABŞ dollary ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan).

Teklipleri hödürlemegiň usuly: doly bäsleşik teklibi ýerleşdirilen degişli möhür bilen kepillendirilen bukjada görkezilen salgy boýunça ugradylmaly.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnamasy (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşik tekliplerini tabşyrmagyň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 19-njy martynyň sagat 15:00 çenli (ýerli wagt). Habarlaşmak üçin:

Elektron salgy: info@turkmengaz.gov.tm

Saýt: http://www.oilgas.gov.tm/

Telefonlar: 40-37-45 (faks),

40-37-39,

40-37-40,

40-37-41,

40-37-42

Bellenen möhletden soň gelen arzalar kabul edilmeýär.

ORIENT News

Foto: turkmengaz.gov.tm

Şeýle hem okaň: