Eni Turkmenistan Limited bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryň deslapky ýygnaýşyny yglan etdi
07.02.2025 | 11:45 |Eni Turkmenistan Limited kompaniýasy dargadyjy däl we dargadyjy gözegçilik boýunça hymzatlary hödürlemek baradaky № 10123060 bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryň deslapky ýygnaýşyny yglan etdi.
Tehniki spesifikasiýalar we giňişleýin talaplar bäsleşik tapgyrynda beriler. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakday salgylar boýunça Şertnama we üpjün etme bölümine resmi arzany tabşyryp, gatnaşmaklary baradaky isleglerini tassyklap bilerler.
Elektron poçta salgylary: Bahar.Nuryyeva@eni.com; Viktoriya.Nurberdiyeva@eni.com
Arzalary tabşyrmak möhleti — 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynyň sagat 23:59 çenli (ýerli wagt).
ORIENT News