Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi
27.01.2025 | 23:15 |27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbek kärdeşi Bagtiýor Saidow hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy hem-de türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek meselesine garadylar. Iki ýurduň liderleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ýoluny saklamak üçin berk we dowamly binýadyny goýan tagallalary barada aýratyn bellenildi.
Ara alyp maslahatlaşmalar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. 2025-nji ýyl üçin meýilnama, ähli derejelerde we ähli ugurlarda meýilleşdirilen uly derejede alyş-çalyşlar bilen depginli boljakdygyny wada berýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Bagtiýor Saidow Türkmenistanyň başlangyjy yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilmegi bilen gutlady.
Taraplar halkara guramalaryna birek-biregiň agzalygyny goldamak barada alyşdylar.
ORIENT