Türkiýäniň wise-prezidenti we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary teswirnama gol çekdiler
25.02.2025 | 19:09 |Türkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň arasynda has ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz “X” sosial ulgamynda beýan etdi. “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygymyzy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, dogan ýurdymyz bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen biz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň VIII mejlisini geçirdik. ... Biz inklýuziw esasda türk-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary barada ikitaraplaýyn we wekilýetara derejesinde pikir alyşdyk” – diýip, Ýylmaz habar berdi.
Bellenilşi ýaly, şu günki gol çekilen teswirnama 87 bölümi öz içine alyp, onda söwda, maýa goýum, energetika, ulag we ylmy hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar boýunça köp sanly aňyk ädimler beýan edilendir. Hususan-da, türkmen gazyny Türkiýä ibermek we Orta geçelgäniň ösüşi baradaky ylalaşyklar iki ýurt üçin uly göwrümli strategiki peýdalary üpjün eder.
Mundan başga-da, gurluşyk, senagat, oba hojalygy we saglyk syýahatçylygy ýaly ugurlarda bilelikdäki tagallalary çuňlaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär.
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Prezident toplumynda Hökümetara toparyň mejlisiniň jemlerini boýunça metbugat maslahatyny geçirdi. Umumy diliň, diniň, medeniýetiň we taryhyň esasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk gatnaşyklary, ýokary derejeli özara saparlar arkaly günsaýyn pugtalandyrylýandygyny Ýylmaz mälim etdi diýip, Türkiýäniň KHBS-i habar berýär.
ORIENT