Iň täze habarlar

Täjigistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre geçirildi

26.02.2025 | 09:00 |
 Täjigistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Täjigistanyň Täjik milli uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ramaswami Parwati, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň we Täjik dostluk we medeni gatnaşyklary jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Täjik milli uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä uniwersitetiň talyplary, şol sanda bu ýerde okaýan türkmenistanly talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1

Çäräniň dowamynda Ilçi A.Goçmyradow, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy R.Parwati, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň deputat etikasy boýunça komissiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan F.Barotzoda, Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty M.Asrori, uniwersitetiň diplomatiýa kafedrasynyň ýolbaşçysy F.Salaimow hem-de uniwersitetiň 5-nji ýyl talyby A.Ahmedowa çykyş etdiler.

Täjik milli uniwersitetiniň prorektory B.Safarmorat öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan şeýle ähmiýetli çäräniň Täjik milli uniwersitetinde geçirilmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol ylym-bilim ulgamynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardyklaryny nygtady.

2

Ilçi A.Goçmyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berip, beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini aýratyn belledi. BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy R.Parwati çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň we bu başlangyjyň 86 ýurt tarapyndan goldanylmagynyň Türkmenistanyň halkara derejesinde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň subutnamasydygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar uniwersitetde guralan ýörite sergä tomaşa etdiler. Sergide, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi, şeýle hem bu kitaplaryň birnäçesi uniwersitetiň kitaphanasy üçin sowgat berildi.

Şeýle-de şol güni uniwersitetiň prorektorlary B.Safarmorad we I.Gafforzoda bilen Ilçiniň arasynda duşuşyk geçirlip, onda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: tajikistan.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: