Iň täze habarlar

Türkmenistan we Hytaýyñ Gansu welaýaty bilim babatda hyzmatdaşlyk ýollaryny kesgitlediler

25.02.2025 | 13:30 |
 Türkmenistan we Hytaýyñ Gansu welaýaty bilim babatda hyzmatdaşlyk ýollaryny kesgitlediler

2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.

Taraplar HHR-iñ Gansu welaýaty bilen bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyñ ýola goýulmagy barada maslahatlaşdylar. Hususan-da, ileri tutulýan hünärler boýunça türkmen tarapy üçin talyp haklary bermek mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlyk, nebit we gaza, lukmançylyga, inžener tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriñ arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek üçin bilelikdäki okuw maksatnamalary durmuşa geçirmek.

Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary myhmana ýurtda bilimiň hilini dünýäniñ öñdebaryjy tejribelerine we bu ulgamyñ öñünde duran wezipelere laýyklykda ösdürmek işi barada gürrüñ berdi.

Jenap Çžao Sýun HHR-iñ Gansu welaýatynyñ ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyryp, bu welaýatyñ daşary ýurtly talyplara, şol sanda Türkmenistanly bilim alýanlara berýän goldawy barada aýdyp geçdi. Mundan başga-da, ol Gansu welaýatynyñ Lançžou uniwersitetinde 2020-nji ýyldan başlap Türkmen öwreniş ylmy-barlag merkezi, Szýatun uniwersitetinde bolsa Türkmen medeniýeti merkezi hereket edýändigi barada buýsanç bilen belledi.

Bellenen teklipleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen bilelikde "Ýol kartasyny" düzmek we geljekde "Tegelek stol" görnüşinde duşuşyklary guramak barada ylalaşyldy.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: