Şanhaýda Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty geçdi
24.02.2025 | 16:35 |Şanhaýda 22-24-nji fewral aralygynda geçirilen Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty-2025 tehnologiýalar dünýäsinde möhüm waka bolup, onda emeli aň babatda tejribe alyşmaklyga ähmiýet berildi.
Maslahatda öňdebaryjy tehnologiýalar we başlangyç açyk kodly harytlar görkezildi. Munuň özi işläp taýýarlaýjylar üçin açyk platformalaryň barha ösýän wajyplygyny tassyklaýar. Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary özüniň iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürlediler, bütin dünýäniň alymlaryny, maýadarlaryny we işläp taýýarlaýjylaryny özüne çekmegi maksat edindiler.
HHR-iň Senagat we informatizasiýa ministriniň orunbasary Sýun Sziszýun işläp taýýarlaýjylaryň uly böleginiň goldawy bilen Hytaýda emeli aňyň güýçli depginde ösdürilýändigi barada aýtdy. Şeýle hem, ol ýurduň başlangyç açyk kodlaryň işläp taýýarlaýjylarynyň sany boýunça dünýäde ikinji orun eýeleýändigi barada belledi. Maslahat adama meňzedilen robotlar we robototehnika ýaly innowasion tehnologiýalaryň görkezilişini hem öz içine aldy. Bu bolsa köpçüligiň ünsüni çekdi. Çaklamalara görä, 2028-nji ýyla çenli Hytaýyň emeli aň senagatynyň möçberi 811 mlrd ýuana ýeter. Munuň özi bu ugur boýunça maýa goýumlary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
2018-nji ýyldan bäri Şanhaýyň emeli aň senagaty birleşigi tarapyndan geçirilýän bu çäre ozal Bütindünýä emeli aň maslahaty diýlip atlandyrylýardy.
ORIENT news