Türkmenistanyň Parlamentiniň Başlygy Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy
25.02.2025 | 18:21 |Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa resmi wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Ankara amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde şu gün, 25-nji fewralda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Prezident toplumyndaky kabul edişlige Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş hem gatnaşdy diýip, Türkiýäniň Prezidentiň administrasiýasynyň web sahypasynda habar berilýär.
ORIENT