TDHÇMB-da söwdalaşyklar: portlandsement we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi
25.02.2025 | 12:05 |24-nji fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “PS400-G20-K” we “PS500-G0-K” kysymly portlandsementi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan kökli çaý içgisini satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 139 387,50 manada we 1 900 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news