Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
25.02.2025 | 01:45 |24-nji fewralda, duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.
Myhman Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow onuň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek maksady bilen gatnaşjak brifinginiň we duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Döwlet baştutany myhmany BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gutlady.we guramanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge mundan beýläk-de saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden baýram edilýän ýylynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny, şoňa görä-de, sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ilerletmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.
2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahat geçirildigi bellenildi. Onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
ORIENT