Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň arasynda sport ýaryşlary geçiriler
25.02.2025 | 23:00 |2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Ýaryşlaryň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 3-nji martda sagat 15:00-da geçiriler. Açylyş dabarasyna her ýokary okuw mekdepden 10 sany tassyklanan sport geýimli talyplar ýokary okuw mekdepleriniň ady ýazylan nyşan bilen gatnaşyp bilerler. Ýaryşa gatnaşjak topar wekilleriniň maslahaty 1-nji martda sagat 14:00-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň baş binasynyň Mejlisler zalynda bolar.
Zenan talyplaryň we mugallymlaryň arasynda ýaryşlaryň ýeňijileri toparlaýyn görnüşde bahalandyrmagyň esasynda saýlanýar. Ýaryş sportuň basketbol, küşt, stol tennisi, woleýbol, tennis ýaly görnüşleri boýunça geçirilýär. Sport ýaryşlaryna gatnaşmaklyga lukmançylyk netijeleri esasynda bellenen nusgada goýbermeklige rugsady bolan, bedenterbiýe-sport türgenleşik sapaklaryna yzygiderli gatnaýan zenan talyplar we mugallymlar goýberilýär.
Baýrakly orunlary eýelän toparlar guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Sport ýaryşlarynyň düzgünnamasy şu salgyda.