Iň täze habarlar

75-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň baýraklarynyň ýeňijileri

24.02.2025 | 20:20 |
 75-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň baýraklarynyň ýeňijileri

22-nji fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlinde «Berlinale» ady bilen tanalýan Berlin halkara kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä kinematografiýasynyň iň abraýly festiwallarynyň biri bolan bu çäre, 2025-nji ýylda täze direktor Trişa Tattlyň ýolbaşçylygynda 75 ýyllygyny belledi.

Esasy bäsleşigiň emin agzalaryna başlyklyk eden režissýor Todd Heýns, festiwalyň iň uly sylagy – «Altyn Aýy» norwegiýaly režissýor Dag Ýohan Heýgerudyň «Arzuwlar» («Dreams») filmne gowşurdy.

24022025-kinofestival (2).jpg

Ikinji derejeli baýrak – eminler toparynyň Grand-pri sylagy braziliýaly režissýor Gabriel Maskarunyň «The Blue Trail» («Gök Ýoda») filmi üçin gowşuryldy. Bu film, ömrüniň ahyryny asuda garrylar öýünde geçirmegiň deregine, Amazon derýalarynyň içgin hem howply syýahatyna çykmagy makul bilýän ýaşuly aýal Tereza barada gürrüň berýär.

«Kümüş Aýy» baýragy Fransiýaly režissýor we ssenarist Lýusil Hadzihalilowiçe, Germaniýa bilen Fransiýanyň bilelikde döreden «La Tour de Glace» («Buz Diňi») filmi üçin gowşuryldy. «Kümüş Aýy» baýragy iň gowy senariýa üçin – rumyniýaly Radu Jude «Kontinental '25» tragikomediýasy üçin gowşuryldy. «Kümüş Aýy» baýragy ikinji planyň iň gowy rol ýerine ýetirijisi – Endrýu Skotta, amerikan režissýory Riçard Linkleýteriň «Blue Moon» («Gök Aý») filmindäki keşbi üçin gowşuryldy. Bu film festiwalyň tomaşaçylar tarapyndan iň halanan eserleriniň biri boldy.

«Kümüş Aýy» baýragy Baş roldaky iň gowy keşp üçin – awstraliýaly aktrisa Rouz Birn, «If I Had Legs I'd Kick You» («Eger aýaklarym bar bolan bolsa, seni depäýerdim») filmindäki keşbi üçin. Bu film horror hem gara komediýa bolup, ýarowsyz gyzyň ejesiniň durmuş kynçylyklary barada gürrüň berýär. Iň gowy režissýorlyk işi üçin heýkeljigi hytaýly Ho Mena, «Living the Land» («Ýer ýüzünde ýaşamak») filmi üçin berildi.

Bu film dört nesliň taryhyny öz içine alýan maşgala sagasydyr. Ol Hytaýyň oba hojalygyndan şäherleşmäge geçiş prosesini, ynsanlaryň durmuş ýörelgeleriniň we borç düşünjeleriniň üýtgemegini beýan edýär. Eminler toparynyň baýragy – «El mensaje» («Ýüzlenme») atly argentinaly režissýor Iwan Fundanyň filmi üçin gowşuryldy. Bu gara-ak reňkli fantastiki drama filminde haýwanlar bilen gepleşmek ukybyna eýe bolan gyz hakda gürrüň berilýär.

Berlin kinofestiwalynyň «Forum» maksatnamasynda Gazagystanyň öňdebaryjy režissýorlarynyň biri bolan Adilhan Ýerjanowyň «Kadet» filmi görkezildi. Bu film, geçen ýyl Tokiodaky kino görkezilişde hem görkezilipdi. Filmde enäniň öz ogluny harby mekdebe ýerleşdirmek üçin başdan geçiren wakalary hakda gürrüň berilýär. Oglan kiçijik ýaşyndan daşky keşbi we mylaýym häsiýeti sebäpli klasdaşlarynyň zalymlygyna sezewar bolýar. 75-nji Berlin kinofestiwaly häzirki kinematografiýanyň dürlüligini we çuňlugyny görkezdi. Festiwal, täze ýolbaşçy Trişa Tattlyň baştutanlygynda hem-de çeperçilik gazananlary bilen häzirki döwür sosial we syýasy meseleleri utgaşdyryp, döwrümiziň çylşyrymlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirmegi dowam etdirýär.

ORIENT

Foto: kinometro.ru

Şeýle hem okaň: